Serdar Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýewi Garaşsyzlyk baýramy bilen gutlady

06:1801.09.2022
0
23226
Serdar Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýewi Garaşsyzlyk baýramy bilen gutlady
Surat: president.uz

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe we ýurduň ähli doganlyk halkyna Özbegistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada şu günki «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

«Özbegistan garaşsyzlygyna eýe bolan pursadyndan bäri syýasy, ykdysady we durmuş ulgamlaryndaky ösüşinde uly üstünlikleri gazanýar, halkara giňişlikde mynasyp abraýdan peýdalanýar, sebit hem-de ählumumy gün tertibindäki möhüm meseleleri çözmekde ähmiýetli orny eýeleýär» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti öz gutlag hatynda belleýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda iki dostlukly döwletiň arasynda hyzmatdaşlyk etmekde ýetilen derejä ýokary baha berilýändigini we onuň mundan beýläk-de berkidilmegine hem-de giňeldilmegine çalşylýandygyny belläp, türkmen-özbek strategik gatnaşyklaryny iki ýurduň doganlyk halklarynyň bähbidine netijeli ösdürmek we täze gözýetimlere ýetirmek üçin bilelikdäki tagallalary dowam etmäge taýýardygyny beýan etdi.

Türkmen döwletiniň Baştutany Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Şawkat Mirziýoýewe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we rowaçlyk, Özbegistan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de abadançylyk arzuw etdi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe we ýurduň ähli doganlyk halkyna Özbegistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi diýlip, şu günki «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

«Özygtyýarly ösüş ýyllarynda Özbegistan durmuşyň ähli ugurlary boýunça ägirt uly üstünlikleri gazandy, halkara giňişlikde ýokary abraýa we ynama eýe boldy» diýip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy öz gutlagynda belleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň