Top.Mail.Ru

Serdar Berdimuhamedow türkmen türgenlerini gutlady

23:0630.08.2022
0
17268

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerine gutlag iberdi.

«Hormatly dabara gatnaşyjylar! Gadyrly türgenler! Sizi Russiýa Federasiýasynyň Wladiwostok şäherinde geçirilen «Aziýanyň çagalary» atly VII halkara sport oýunlarynda, şeýle hem Türkiýe Respublikasynyň Konýa şäherinde geçirilen V Yslam raýdaşlygy oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn» diýlip, gutlag hatynda bellenilýär.

— Biz sportuň mümkinçiliklerini parahatçylygyň we dostlugyň bähbitlerine gönükdirmek arkaly, täze sport düzümlerini dörederis, hakyky sport söýüjileriň, ussat türgenleriň döwrebap neslini kemala getireris. Çünki ýaş nesillerimiziň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy döwrüň möhüm talabydyr. Sport sagdynlygyň we gözelligiň çeşmesidir — diýmek bilen, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda geljekde-de sportuň ösdürilmegine uly ähmiýet beriljekdigini nygtaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň