Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Gazprom» türkmen gazyny satyn almagyny dowam etdirer

01:5030.08.2022
0
22389

Habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Gazprom» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Alekseý Milleri kabul etdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutany we A.Miller bar bolan köpýyllyk oňyn tejribäni, uly mümkinçilikleri hasaba almak bilen, geljekki hyzmatdaşlygyň ugurlary barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Russiýanyň kompaniýasy tarapyndan hereket edýän şertnama boýunça türkmen gazyny satyn almak we bu ulgamda uzak möhleti nazarlaýan hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan özüniň öňden gelýän hyzmatdaşlarynyň täze teklipleri üçin hemişe açykdyr we hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny goldamaga taýýardyr. Şeýle-de Russiýanyň kompaniýasynyň öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarly boljakdygy nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda Serdar Berdimuhamedow hem-de Russiýanyň energetika kompaniýasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň we «Gazprom» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň anyk netijeleriň gazanylmagyna gönükdirilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdirilmegine gyzyklanmany tassykladylar. Munuň özi strategik häsiýete eýe bolan döwletara gatnaşyklaryň geljekde-de ösdürilmegine uly goşant bolar.

Taraplaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk etmek baradaky häzirki hereket edýän şertnama 2019-njy ýylda gol çekildi. Şoňa laýyklykda, «Gazprom» her ýyl Türkmenistandan takmynan 5,5 milliard kub metr tebigy gaz satyn alýar. 2021-nji ýylda bu görkeziji takmynan 10 milliard kub metre barabar boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň