Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Alekseý Milleri kabul etdi

14:4929.08.2022
0
30722

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň «Gazprom» açyk paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Alekseý Milleri kabul etdi.

Rus habarlar gulluklarynda beýan edilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti we myhman ýangyç-energetika toplumynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, «Gazpromyň» türkmen gazyny satyn almagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasynda gaz ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda hereket edýän hökümetara ylalaşygyň ähmiýeti dogrusynda bellenildi. Şeýle-de duşuşygyň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän käbir soraglar boýunça hem pikir alşyldy.

A.Miller şu gün saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen hem duşuşdy.

Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň iýun aýynda Aşgabatda saparda bolan Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin žurnalistler bilen bolan duşuşygynda «Gazpromyň» ýolbaşçysynyň ýakyn wagtda Türkmenistana sapar bilen geljekdigini aýdypdy.

«Gazprom» 2003-nji ýylda Türkmenistanda öz wekilhanasyny açdy. 2019-njy ýylda bolsa «Türkmengaz» bilen bäşýyllyk şertnama gol çekişdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň