Aşgabatdaky «Ak ýaýla» dükanynda dürli görnüşli hojalyk tehnikalary alyjylara ýetirilýär

16:4629.08.2022
0
22678

Aşgabat şäheriniň demirgazygynda dünýäniň öňdebaryjy brendleriniň ýokary hilli önümlerini müşderilere hödürleýän «Ak ýaýla» hojalyk tehnikalarynyň söwda dükany açyldy.

Bu dükandan öý hem-de hojalykda giňden peýdalanylýan tehnikalaryň dürli hili görnüşlerini tapmak bolýar. Mysal üçin, bu ýerde aşhana enjamlaryndan mikserler, blenderler, kombaýnlar, elektrik et üweýji enjamlary, elektrik çäýnekler, mikrotolkun peçler, gap-gaç ýuwujy maşynlar, gaz we elektrik plitalar, sowadyjylar ýaly ululy-kiçili harytlar, şonuň ýaly-da hojalyk enjamlaryndan gyzdyryjy peçler we howa sowadyjylar, kir ýuwujy maşynlar, howany tämizleýjiler, ütükler, tozan sorujylar we beýleki tehnikalar bar.

Müşderiniň ýaşaýan gurşawyna we öýüniň şertlerine, özboluşlylygyna has laýyk geljek tehnikalary saýlamakda dükanyň bu ugurda ýerlikli çözgüdi tapyp bilýän hünärmenleri göwnejaý maslahatlary berýärler. Olar dürli hili brendleriň hili, niýetlenilişi we aýratynlyklary barada has giňişleýin maglumatlary müşderä ýetirýärler. Dükanda islendik bahalara kybap gelýän harytlaryň satylýandygyny hem bellemek gerek.

«Ak ýaýla» dükany Aşgabat şäheriniň G.Kulyýew (Obýezdnaýa) köçesindäki «Ak gaýa» söwda merkeziniň ýanynda ýerleşýär.

Habarlaşmak üçin:

  • Telefon belgileri: (+993 65) 75 75 75; (+993 65) 72 97 74;
  • Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň