Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Ak gaýa» kärhanasynyň hünärmeni gurluşyk we öý harytlary dükanyndan söwda etmegiň bäş sebäbini aýtdy

12:1308.06.2022
0
13928

«Ak gaýa» lomaý we bölekleýin söwda dükanlar tory häzirki wagtda Aşgabat şäherinde we Ahal welaýatynda gurluşyk-abatlaýyş harytlar pudagynda iň ýörgünli dükanlar hökmünde tanalýar.

«Ak gaýanyň» hünärmeni gurluşyk harytlaryny satyn almakda bu dükanlaryň saýlanyp alynmagýynyň bäş sebäbini mälim etdi.

Birinjiden, «Ak gaýa» dükanlaryndan gurluşyk we öý abatlaýyş üçin gerekli bolan islendik import hem-de ýerli gurluşyk harytlaryny, şol sanda «Ak gaýa» haryt nyşanly gurluşyk garyndylaryny hem tapmak bolýar. Bu ýerde dürli hili örtükli kafel plitalary, lýustralar we stol çyralary, santehnikalar, otaglar we gapylar üçin dürli gurluşyk harytlary alyjylara ýetirilýär.

Ikinjiden, «Ak gaýa» öý-hojalyk harytlarynyň dürli görnüşlerini, şol sanda dürli hili mebelleri (ýatylýan jaý, çaga otagy we aşhana üçin), öýleri enjamlaşdyrmak we howly üçin mebelleri, bag üçin gurallary, gurluşyk materiallaryny, köçe çyralaryny, güldanlary, gülleri we beýleki zatlary hem köpçülige ýetirýär.

Üçünjiden, dynç alş halaýan islendik kişi «Ak gaýa» dükanlaryndan öz halaýan gyzyklanmasy üçin zerur dürli hili zady tapyp biler. Meselem, balyk tutmak üçin gerekli enjamlar, sport üpjünçilikleri (welosiped, samokat...) we ş.m.

Dördünjiden, «Ak gaýa» dükanlarynyň çäginde alyjylar kärhananyň öz hyzmatlaryndan hem, onuň hyzmatdaş kärhanalarynyň hyzmatyndan hem peýdalanyp bilýärler. Bu ýerden aýnalary we gapylary gurnamak, öýleri taslamalaşdyrmak we abatlaýyş üçin kesgitlemek, hoely ýerleri işläp bejermek, şeýle-de beýleki abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmegi sargyt edip bilersiňiz. «Ak gaýa»dükanlarynda mebelleri sargyt esasynda taýýarlatmak üçin ýörite atelýeler hem işleýär.

Bäşinjiden, «Ak gaýanyň» käbir haryt görnüşleri üçin hemişe arzanladyşlary we ýeňillikli satuwlary geçirýändigini, şeýle-de bu ýerdäki hünärmenlerden ýerlikli maslahatlary alyp bolýandygyny bellemke gerek. Dükanlardan satyn alnan harytlaryň tölegini nagt hem-de bank kartlary arkaly töläp bolýar. Gerek bolsa, harytlary öýleriňize hem eltip berýärler.

«Ak gaýa» dükanlary dynç günsüz sagat irden 8:00-dan agşam 21:00-a çenli aralykda işleýär. Dükanlar şu salgylarda ýerleşýär:

  • Aşgabat ş., Terminal toplumy, «Ak gaýa» söwda merkezi, telefon belgileri: 575555, +993 65 411010;
  • Aşgabat ş., 2127-nji köçe (G.Kulyýew köçesi), 40-njy jaý (Ak gaýa), telefon belgileri: 575757, 754375, +993 64 664488;
  • Aşgabat ş., Terminal toplumy, Ak Tam bazary, 1-2nji dükanlar, telefon belgileri: +993 65 546232, +993 62 822220.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň