Şu gün Aşgabadyň demirgazyk böleginde «Ak gaýa» söwda torunyň täze hojalyk tehnikalar dükany – «Ak ýaýla» gipermarketi öz gapylaryny açdy.
«Ak ýaýlada» dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň dürli görnüşdäki ululy-kiçili we ýokary tehnologiýaly hojalyk tehnikalarynyň baý toplumy hödürlenýär.
Bu ýerde mikserler, blenderler, köp maksatly peçler (multiwarka) aşhana kombaýnlary, mikrotolkunly peçler ýaly aşhana enjamlary, şeýle hem kir ýuwujy maşynlaryň, sowadyjylaryň we ýyladyjy enjamlaryň iň täze görnüşleri hödürlenýär.
Dükanyň ýörite tälim alan we tejribeli satyjy-maslahatçylary size dogry harydy saýlamak hem-de enjamlaryň dürli görnüşleriniň arasynda ýalňyşmazlyk üçin ýardam ederler.
«Hojalyk tehnikalarynyň gipermarketi alyjylaryny elýeterli bahalar we amatly arzanladyş ulgamy bilen begendirer» – diýip, «Ak ýaýlada» nygtalýar.
«Ak ýaýla» gipermarketi Andalyp we G.Kuliýew köçeleriniň (Объездной we Дружбa народов köçeleri) çatrygyndaky 42-nji jaýda, «Ak gaýa» binasynyň golaýynda ýerleşýär.
Habarlaşmak üçin:
- Telefonlar: (+993 12) 75 75 75, (+993 12) 72 97 74;
- Elektron poçta salgysy: akyayla555@gmail.com;
- Sosial ulgamdaky sahypasy.
Şeýle-de okaň: