«Astana Innovations» paýdarlar jemgyýeti we «Huawei Technologies Kazakhstan» kompaniýasy özara düşünişmek barada memoranduma gol çekdiler, onuň çäklerinde Gazagystanda 10G internet toruny işe goýbermek meýilleşdirilýär. Bu barada «Gazeta.ru» ýazýar.
«Astana Innovations» paýdarlar jemgyýeti 10G ulgamynyň synag goýberilişiniň Astana şäherinde geçjekdigini habar berdi. Taslama Gazagystanyň paýtagtynyň sanlylaşdyrmak we döwlet hyzmatlary edarasynyň goldamagynda durmuşa geçiriler.
Öň «Huawei» we «China Unicom» kompaniýalarynyň Hytaýyň Hebeý ülkesiniň Sýunan etrabynda giň zolakly 10 G toruny işe goýberendigi habar berildi. Synaglar maglumatlary ýüklemegiň tizliginiň 9340,22 Mbit/sekunda, ýollamagyň tizliginiň — 6311,59 Mbit/ sekunda deň bolandygyny görkezdi.