Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Moldowanyň Prezidentini gutlady

10:2427.08.2022
0
36124
Serdar Berdimuhamedow Moldowanyň Prezidentini gutlady
Surat: dw.com

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Moldowa Respublikasynyň Prezidenti hanym Maýa Sanduwa Moldowa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

«Ýurtlarymyzyň arasynda emele gelen gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň halklarymyzyň abadançylygyna oňyn täsirini ýetirjekdigine berk ynanýaryn» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow öz gutlag hatynda belleýär.

Türkmen döwletiniň Baştutany ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident hanym Maýa Sanduwa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Moldowa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň