Soňky habarlar

Arhiw

Wladimir Putin Gurbanguly Berdimuhamedowy «Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin» ordeni bilen sylaglady

23:1726.08.2022
0
52720
Wladimir Putin Gurbanguly Berdimuhamedowy «Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin» ordeni bilen sylaglady
Surat: tdh.gov.tm

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy «Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin» ordeniniň IV derejesi bilen sylaglady. Rus Lideriniň gol çeken resminamasy resmi maglumatlar portalynda ýerleşdirildi.

Prezident Wladimir Putiniň Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşan goşandy üçin, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy «Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin» ordeniniň IV derejesi bilen sylaglaýandygy baradaky sözleri degişi resminamada beýan edilýär.

«Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin» ordeni Russiýa Federasiýasynyň döwlet sylagydyr. Ol Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň 1994-nji ýylyň 2-nji martyndaky Buýrugy bilen döredildi.

Ozal habar berşimiz ýaly, Russiýanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy iki ýurduň arasyndaky dostlugyň berkemegine we hyzmatdaşlygyň pugtalanmagyna goşan goşandy üçin, şu ýylyň iýun aýynda «Dostluk» ordeni bilen sylaglapdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň