Şu gün Russiýa Federasiýasyna ilkinji resmi saparyny amala aşyrýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda Uly Kreml köşgünde açyklyk, birek-birege düşünişmek hem-de özara ynanyşmak ýagdaýynda geçirilen ikiçäk gepleşikleriň dowamynda strategik häsiýete eýe bolan türkmen-rus gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmak bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Russiýanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Moskwadaky Uly Kreml köşgünde geçirilen ýokary derejeli türkmen-rus gepleşikleri tamamlanandan soňra Prezident Serdar Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň «Dostluk» ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanyna bu ýokary sylag Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşandy üçin Prezident Wladimir Putiniň Permany esasynda berlipdi.
Uly Kreml köşgüniň «Malahit» zalynda geçirilen sylaglamak dabarasynda Prezident Serdar Berdimuhamedow bu ýokary sylaga Türkmenistana hormatyň nyşany hökmünde garaýandygyny belläp: «Bu ýokary sylag biziň strategik hyzmatdaşlygymyzyň, halklarymyzyň we döwletlerimiziň arasyndaky dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň mizemezliginiň ýene bir aýdyň beýany bolar» diýip nygtady.
Belläp geçsek, «Dostluk» ordeni Russiýa Federasiýasynyň döwlet sylagy bolup, ol 1994-nji ýylda döredildi. 2021-nji ýylyň noýabrynda ordeniň statutyna üýtgetmeler girizildi we häzirki wagtda täze redaksiýasy boýunça hereket edýär. Bu abraýly döwlet sylagy bilen Russiýanyň hem-de daşary ýurtlaryň raýatlary sylaglanylýar.