Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen kärhanasy Jebeldäki Halkara aeroportuň gurluşygyny alyp barýar

18:1825.08.2022
0
45903

«Gündogdy» hususy kärhanasy Jebelde (Balkan welaýaty) Halkara aeroportuň gurluşygyna girişdi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bu telekeçilik düzüminiň gurýan üçünji aeroport toplumydyr. Potratçy gurama Türkmenbadyň Halkara aeroportunyň gurluşygyna gatnaşdy, Kerki şäherindäki (Lebap welaýaty) aeroport toplumyny hem şu hususy kärhana bina etdi. Jebeldäki täze howa gämiler gonalgasy Türkmenistanyň howa ulaglarynyň ösen ýerüsti düzümleriniň döredilmeginiň dowamy bolar diýlip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşirinde habar berildi.

Balkan welaýatyndaky täze aeroport «2012-2030-njy ýyllara Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň milli maksatnamasynyň» çäklerinde gurulýan bäşinji infrastruktura binasy bolar. Şu taslama laýyklykda, türkmen paýtagtynda we ýurduň sebitlerinde howa gämileriniň täze gonalgalary guruldy, häzir hereket edýän aeroportlaryň, terminallaryň durky täzelendi, aerodrom gulluklary kämilleşdirilýär.

Jebelde 275 gektar meýdanda ýolagçy we ýük terminallary, dispetçer punkty, halas ediş we ýangyna garşy göreş gulluklarynyň binalary, 3200 metr uçuş-gonuş zolagy we 6 uçara hem-de 4 dikuçara niýetlenen duralga gurlar, golaýyndaky ýerler abadanlaşdyrlar. Netijede, Balkan welaýatynyň bu aeroporty agramy çäklendirilmedik, kän ýükli we ýokary derejeli uçarlary kabul edip biler, bu bolsa täze awiakompaniýalary çekmäge we ýük tarifleri bilen işlemäge mümkinçilik berer. Jebeldäki täze aeroporta senagat taýdan ösen Balkan welaýatynyň üstünden geçýän sebit we sebitara ulag ýollarynyň wajyp bölegi hökmünde ähmiýet berler.
«Gündogdy» HK — raýat awiasiýasynyň infrastruktura desgalaryny işe girizmekde ýetik tejribesi bolan ýeke-täk telekeçilik düzümidir. Kärhananyň bu ugra soňky ýyllarda ýöriteleşendigini bellemek gerek. Hususy kompaniýa 2009-njy ýyldan bäri ýurduň durmuş binalarynyň birnäçesini — Balkanabatda kitaphana, Serdar şäherinde howdanly we 3 müň adam niýetlenen sport toplumyny, Awazada 200 öýli ýaşaýyş jaýlar toplumyny, Balkanabat we Bereket şäherlerinde inženerçilik ulgamlaryny gurdy. Şeýle hem Türkmenbaşy şäherinde Ruhyýet köşgüniň hem-de beýleki binalaryň durkuny täzeledi. Şunuň üçinem ol türk, hytaý, arap, ukrain kompaniýalarynyň gatnaşan bäsleşiklerinde üç gezek üstünlik gazandy.

Häzirki wagtda «Gündogdy» HK-sy öz taslama topary dürli tehniki kuwwatlyklary bolan, hünärine ökde işçilerdir inženerlerden we beýleki zerur hünärmenlerden üpjün, gurluşyk kärhanasydyr.

Jebeldäki aeroport toplumy howa gämileriniň ähli görnüşini kabul etmäge mümkinçilik berýän ýerüsti enjamlar bilen üpjün ediler.
«Gündogdy» HK Jebeldäki aeroport toplumyny 2024-nji ýylda ulanmaga bermegi göz öňünde tutýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň