Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Döwletliler köşgüniň çagalaryna süýjülik dadymlygy gowşuryldy

23:1720.08.2022
0
18028

Şenbe güni Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Döwlet serhet gullugynyň ýanyndaky Hojalyk müdiriýetiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Açylyş dabarasyndan soňra, Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyna laýyklykda, Hojalyk müdiriýetiniň ekerançylyk meýdanlarynda harby gullukçylaryň yhlasly zähmeti bilen ýetişdirilen dürli görnüşli ir-iýmişlerden ybarat süýjülik dadymlygy, ter gök we miwe önümleri ýüklenen awtoulag Döwletliler köşgünde terbiýelenýän, häzirki wagtda Gökderedäki häzirki zaman çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alyýan çagalar üçin ugradyldy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Altyn damja» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalara süýjülik dadymlygyny gowşurmak dabarasyna gatnaşdy.

Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan süýjülik dadymlygynyň gowşurylmagy olaryň durmuşynda ýakymly pursatlara beslendi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň