Serdar Berdimuhamedow Wengriýanyň Prezidentini gutlady

09:0720.08.2022
0
21477

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Wengriýanyň Prezidenti hanym Katalin Nowaga we ýurduň ähli halkyna Wengriýanyň milli baýramy — Keramatly Stefanyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi diýip, şu günki «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, öz gutlag hatynda wengriýaly kärdeşi hanym Katalin Nowaga berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Wengriýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň