Soňky habarlar

Arhiw

Kazan – Türkmenabat howa gatnawynyň ýolagçylary üçin PSR-barlagyny tabşyrmagyň senesi mälim edildi, 1-nji sentýabrda türkmenistanly 1-nji synp okuwçylara noutbuklar sowgat berler, Russiýa Federasiýasynyň ýaşamak üçin ygtyýarnamasyny «göçüp gelen» statusy

10:4019.08.2022
0
20418
Kazan – Türkmenabat howa gatnawynyň ýolagçylary üçin PSR-barlagyny tabşyrmagyň senesi mälim edildi, 1-nji sentýabrda türkmenistanly 1-nji synp okuwçylara noutbuklar sowgat berler, Russiýa Federasiýasynyň ýaşamak üçin ygtyýarnamasyny «göçüp gelen» statusy

1. 31-nji awgust üçin petek satyn alan Kazan – Türkmenabat howa gatnawynyň ýolagçylary PSR-barlagyndan uçuşyň amala aşyryljak güni Respublikan kliniki hassahanasynda geçerler.

2. «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti Türkmenistanyň 1-nji synp okuwçylary üçin 1-nji sentýabrda «Bilimli» haryt nyşany bilen 80 müň sany noutbuk öndürmegi meýilleşdirýär. Öwrediji kompýuterler 1-nji synp okuwçylara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gowşurylar.

3. Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Russiýa Federasiýasynyň ýaşamak üçin ygtyýarnamasyny resmileşdirmegiň tertibi hakynda habar berdi. Wagtlaýyn ýaşamak üçin rugsatnamasy bolmadyk, «göçüp gelen statusy» esasynda Russiýa göçüp barýan şahslar bu ygtyýarnamany resmileşdirmek üçin resminamalaryny tabşyryp bilerler.

4. Aşgabatda doglan Ýewgeniý Ýurýewiç Şmelkow Russiýa Federasiýasynyň Wolgograd oblastynyň Wolžskiý şäheriniň merkezi seýilgähiniň täze başlygy hökmünde saýlanyldy. Täze ýolbaşçynyň esasy wezipeleri seýilgähi mundan beýläk hem ösdürmekden we dynç alýanlar üçin amatly şertleri döertmekden ybaratdyr.

5. Türkmenistanyň paýtagtynda täze okuw möwsümine taýýarlyk görülýär. Şäheriň 146 sany mekdebinde synp otaglarynda abatlaýyş we taýýarlyk işleri geçirildi. 1-nji sentýabrda Türkmenistanyň paýtagtynyň mekdeplerinde 19 müňe golaý 1-nji synp okuwçylara garaşylýar.

6. Türkmenistanda çagalar sagaldyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsüminiň ýapylyş dabarasy geçirildi. Üç aýyň dowamynda bu ýerde 20 müňe golaý çaga dynç aldy.

7. «Apple» kompaniýasy 7-nji sentýabrda göz öňünde tutulýan nobatdaky tanyşdyryş dabarasynda täze «iPhone 14» smartfonyny tanyşdyrar.

8. Ýakyn günlerde Özbegistanyň mekdeplerinde gazly we energiýa beriji suwlar hem-de tiz tagamlar (fast-fud) gadagan ediler. Buýruk 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan güýje girip biler.

9. Türkmen kikboksçylary Türkiýäniň Konýa şäherinde geçirilýän V Yslam raýdaşlygy oýunlarynyň jemleýji günündäki bäsleşikde 3 sany medala mynasyp boldular.

10. Türkmenistanda «Dota 2» boýunça 2022-nji ýyl möwsüminiň milli saýlama oýunlarynyň toparlaýyn tapgyry tamamlandy. Bäsleşigiň pleý-off tapgyry 20-21-nji awgustda Aşgabatdaky Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Medeni-işewürlik merkezinde sagat 15:00-da geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň