Soňky habarlar

Arhiw

Awtomobil mekdepleri Türkmenistanyň raýatlaryna sürüjilik synaglary bilen tanyşmagy teklip edýär

09:4319.08.2022
0
11294
Awtomobil mekdepleri Türkmenistanyň raýatlaryna sürüjilik synaglary bilen tanyşmagy teklip edýär

Türkmenistanda awtoulagy dolandyrmagy öwrenmek edil şahsy awtoulagyň bolmagy ýa-da ulag serişdelerini dolandyrmaga erk edip bilmek ýaly zerur bolup, bu hünäri başarýanlar islendik ýagdaýda özleri üçin iş tapyp bilýärler.

Şunuň bilen baglylykda bolsa, bu ugurda awtoulag sürüjilik okuwyny geçýänlere we ýörite sürüjilik mekdepleriniň işine talaplar hem ýokarlanýar. Esasy okuw möhletini geçenlerinden soň, öwrenijilere sürüjilik synaglary geçilýär.

Sürüjilik şahadatnamasyny almak üçin PÝGG-niň synaglaryny üstünlikli tabşyrmak babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýakar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Kararynda (24.12.2021 senedäki № 44 Karar) görkezilen talaplar hem-de düzgünler bilen tanyşmak maslahat berilýär.

Ýol hereketiniň kadalaryna we sürüjä bildirilýän talaplara laýyklykda, synag wagtynda öwrenijileri bahalandyrmak ulgamynyň aýratynlyklaryna seredip geçeliň.

Synaglar 2 bölekden durýar: özünde 10 sowaldan ybarat test barlagyny we bilimleri bahalandyrmagyň 5 ballyk ulgamyny jemleýän nazaryýetler hem-de amalyýet (awtoulagy dolandyrmak başarnygy).

Nazaryýet böleginiň netijeleri şu şertler boýunça kesgitlenilýär:

  • 10 sowalyň ählisine dogry jogap berlen ýagdaýynda — 5 ball berilýär;
  • 10 sowaldan 1-ine nädogry jogap berilse — 4 ball berilýär;
  • 10 sowaldan 2-sine nädogry jogap berleni üçin — 3 ball berilýär;
  • Sowallar 10-dan köp bolan ýagdaýynda 2 sowala nädogry jogap berilse — 2 ball berilýär.

Synagyň birinji böleginiň jogaplaryny barlamagyň düzgünleri: (nazaryýet — 15 minuda deň).

Synagyň ikinji böleginde potensial sürüjileriň amaly başarnyklaryna seredilýär. Munda olaryň awtoulagy dürs dolandyrmagyna, howpsuzlyk kemerini ulanmagyna, ulagy ýerleşdirmek düzgünlerine, öwrüm etmekdäki zerur hereketlerine we beýleki başarnyklaryna üns berilýär.

Sowallara jogap beren mahalynda dalaşgäriň kimdir birinden sorap ýa-da elektron enjam arkaly sowalyň jogabyny anyklan ýagdaýynda synaglar bes edilýär we “Geçmedi” diýlip bahalandyrylýar. Eger ähli berlen sowallara degişli wagtyň dowamynda dogry jogap berlen ýagdaýynda dalaşgär “Geçdi” diýlip bahalandyrylýar we synag topary oňyn netije çykarýar.

Synaglar diňe döwlet dili — türkmen dilinde geçirilýär. Eşidişi pes bolan öwrenijiler üçin el hereketleri bilen düşündiriji terjimeçi hyzmat edip biler, döwlet dilinde gepläp bilmeýän raýatlar üçin bolsa olaryň öz hasabyna terjimeçi tutulmalydyr.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň