Soňky habarlar

Arhiw

TNGIZT-de hapalaýjy maddalara gözegçilik edýän awtomatlaşdyrylan ulgam ornaşdyrylar

19:4018.08.2022
0
7216
TNGIZT-de hapalaýjy maddalara gözegçilik edýän awtomatlaşdyrylan ulgam ornaşdyrylar

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy ekologiýany goramak babatda ýene bir möhüm ädimi ädýär. Geçen ýylyň oktýabr aýynda TNGIZT-nda wodorod öndürýän desganyň gurluşygy üçin teklipleri işläp taýýarlamak boýunça halkara bäsleşigini yglan eden toplum indi hapalaýjy maddalaryň howa zyňylmagyny gözegçilikde saklamak we hasaba almak üçin awtomatlaşdyrylan ulgamy ornaşdyrmagy meýilleşdirýär.

ORIENT-iň ýazyşy ýaly, munuň üçin TNGIZT ýörite halkara bäsleşigi yglan etdi. Oňa gatnaşyjylardan degişli ulgamy döretmek boýunça işleriň taslamasy we ýerine ýetirilişi boýunça tender tekliplerini işläp taýýarlamak talap ediler.

Şeýle hem, toplumyň zawodlarynda nebiti we nebit önümlerini hasaba almak üçin awtomatlaşdyrylan ulgam döretmek boýunça taslamanyň üstünde iş alnyp barylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň