Soňky habarlar

Arhiw

Azerbaýjanda Muslim Magomaýew hatyralanýar

11:0018.08.2022
0
3024
Azerbaýjanda Muslim Magomaýew hatyralanýar
Surat: starhit.ru

Sowet estradasynyň nyşany Muslim Magomaýewiň bu gün 80 ýaşy dolmalydy. Rowaýaty aýdymçy, kompozitor, SSSR-iň halk artisti Magomaýew dogduk Watany Azerbaýjanda giňden hatyralanýar diýip, «MIR 24» ýazýar.

Aýdymçy geçen asyryň 70-nji ýyllarynyň başyna çenli Baku şäherinde ýaşady we ýörite sazçylyk mekdebini hem-de konserwatoriýany tamamlady.

Hatyra çäreleri artistiň heýkeline gül goýmak dabarasyndan başlandy.

Magomaýewiň repertuarynda 600-e golaý eser bardy. Ol daşary ýurt sahnalarynda üstünlikli çykyş etdi we öňki Sowet Soýuzynyň tas ähli künjeginde boldy. Aýdymçy 2008-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Moskwada aradan çykdy, ony Bakuwda ýerlediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň