Top.Mail.Ru

OPEK gazyň we nebitiň gymmatlamagyna dahylsyzdygyny habar berdi

12:1618.08.2022
0
3025
OPEK gazyň we nebitiň gymmatlamagyna dahylsyzdygyny habar berdi
Surat: inosmi.ru

Dünýäde nebitiň we tebigy gazyň nyrhlary OPEK guramasynyň agza ýurtlaryna dahylsyz gymmatlaýar, munuň sebäbi nebitgaz pudagyna maýa goýumlaryň ýetmezçiligi bilen baglydyr. Bu barada Nebiti eksport edijileriň guramasynyň baş sekretary, Kuweýtiň wekili Haýsam al-Gaýs beýanat berdi diýip, «Izwestiýa» ýazýar.

«Nyrhlaryň gymmatlamagynyň arkasynda OPEK duranok. Munuň birgiden sebäpleri bar we esasy iş maýa goýumlaryň ýetmeýänligindedir» diýip, al-Gaýs ABŞ-nyň CNBC teleýaýlymyna beren interwýusynda nygtady.

Soňky günlerde Ýewropanyň biržalarynda gazyň bahasy 1 müň kubmetr üçin 2,6 müň amerikan dollaryna deň boldy. Nyrhlaryň häzirki ýagdaýynda ol 4 müň dollardanam geçip biler diýip, RF-niň «Gazprom» döwlet kompaniýasy habar berdi.

«Bitriver» kompaniýasynyň wekili Andreý Loboda tebigy gazyň bahasy 1 müň kubmetr üçin 4 müň dollara ýeten ýagdaýynda Ýewropada hümmetsizlenmäniň artjakdygy, adamlaryň durmuşynyň hiliniň ýaramazlaşjakdygy we ykdysady kynçylyklaryň tolkuny barada çaklama aýtdy.

Şeýle-de «Express» neşiriniň synçysy Çarli Bredli eger «Gazprom» edarasy «Demirgazyk akym» turbageçirijisinden akdyrýan gazynyň möçberlerini kemeltse, munuň, esasan, Germaniýanyň ýaşaýjylary üçin kyn netijelere getirip biljekdigini aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň