Soňky habarlar

Arhiw

Braziliýa kofe baýramçylygyna taýýarlanýar

20:2814.08.2022
0
2014
Braziliýa kofe baýramçylygyna taýýarlanýar

Braziliýanyň paýtagty kofe festiwalyna taýynlyk görýär. Ýurt dünýäde bu önümiň iri öndürijisidir. Braziliýada kofe ýetişdirýän 200 müň töweregi ferma bar. Olaryň käbiri ilat arasynda meşhurlyk gazanýan «speşelti», ýagny ýörite sortuň önümçiligine geçýär. Bu görnüşiň tapawutly aýratynlygy kofe miweleriniň ýygnalmagynda, saýlanmagynda we gaýtadan işlenmeginde jemlenýär. Bu barada «euronews.com» ýazýar

«Biziň işgärlerimiz ähli gök miweleri aýryp, diňe oňat bişenlerini alýarlar. Olaryň tagamy süýji we doýgun bolýar» diýip, fermer Eleonora Ertal gürrüň berýär. Eleonora adamsy bilen ýörite kofeniň önümçiliginde 2016-njy ýyldan bäri işläp gelýär, olar kofe miwelerini ýygyp, elde saýlaýarlar, birnäçe gün ýörite gaplarda saklaýarlar, soňra kölegede guradýarlar.

«Bu gün adamlar kofe içmegi öwrenip başladylar. Öň kofe şeker ýa-da süýjediji bilen bile içilerdi, ýörite kofäni bolsa süýjetmek gerek däl, sebäbi onuň özi süýji. Şonuň üçin oňa ýörite kofe diýýärler» diýip, kofe boýunça hünärmen Patrik Portes gürrüň berýär.

Bilermenleriň aýtmagyna görä, ýörite kofeni bir içip göreniňden soň, adaty kofä dolanyp barmak kyn düşýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň