Arhiw

Russiýada smartfonlar arzanlady

15:3312.08.2022
0
1672
 Russiýada smartfonlar arzanlady
Surat: mir24.tv

Russiýada smartfonlardyr gajetleriň köpüsiniň nyrhlary şu ýylyň fewral aýyndaky ýagdaýa dolanyp geldi, bu barada «Izwestiýa» habar berdi.

Nyrhlaryň peselmegi «Xiaomi», «Samsung» we «Iphone» smartfonlary babatda hasaba alyndy. Şunda smartfonlara, gulaklyklara we «akylly» enjamlara nyrhlaryň 20-50 göterim arzanlandygy aýdylýar.

Ýagdaýyň, esasan, rubluň hümmediniň peselmegi, logistikadaky we harytlaryň satyn alnyş nyrhlary bilen bagly üýtgeşmeler, şeýle-de ammarlarda harytlaryň elýeterliligi bilen baglydygy bellenýär.

Başga bir çeşme nyrhlaryň pese gaçyşlygyny harytlaryň daşalmagynyň kadalaşmagy, rubluň hümmediniň durnuklylygy we esasy stawkanyň peselmegi bilen baglaýar.

Hünärmenler geljekde bazaryň möçberiniň kemelmegini we smartfonlaryň satuwynyň azalmagyny çaklaýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň