Soňky habarlar

Arhiw

Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 2,5 million dollarlyk geleşik baglaşyldy

14:0512.08.2022
0
1068

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $2,5 million bolan geleşik baglaşyldy. Çarşenbe güni baglaşylan geleşiklerde täjigistanly işewür, öňki söwdalardaky bilen deňeşdirilende 60,7% ýokarlanan, «B» görnüşli karbamid satyn aldy. Önümiň bir tonnasynyň bahasy $455 deň boldy.

Umuman alanyňda, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Marykarbamid» zawodyndan 5 müň tonna karbamid daşary ýurda ugradyldy, onuň umumy bahasy $2,2 million boldy. Bu barada biržanyň resmi saýtynda habar berildi.

Türkiýeli işewür 90,3 müň kg dürli görnüşli nah ýüplükleri satyn almak üçin geleşik baglaşdy, onuň umymy bahasy $307,02 müň deň boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň