Soňky habarlar

Arhiw

«Microsoft» ýüzlerçe potratçysy bilen hyzmatdaşlygy bes edýär

12:1812.08.2022
0
1129
«Microsoft» ýüzlerçe potratçysy bilen hyzmatdaşlygy bes edýär
Surat: ixbt.com

Amerikanyň «Microsoft» tehnologik korporasiýasy täze işgärler düzümini toplamak bilen baglylykda, özüniň potratçylary bilen hyzmatdaşlygyny ýatyrýar. Bu barada çeşmelere salgylanyp «Business Insider» täzelikler portaly habar berdi diýip, «Trend» ýazýar.

Habarda kompaniýanyň öz potratçy-firmalarynyň işgärlerini olar bilen şu annadan başlap geleşikleri ýatyrýandygy barada habarly edendigi aýdylýar. Şunuň bilen birlikde, firmalaryň işgärleri, «Microsoft» bilen ýygjam aragatnaşykdadyklaryna garamazdan, resmi taýdan kompaniýanyň işgärleri däldigi sebäpli, işden boşadylanda berilýän kömek puluny almazlar.

Kompaniýa bu habar bilen baglylykda hiç hili düşündiriş bermedi diýlip, habarda bellenýär.
Iýul aýynda «Microsoft» işgärleriniň sanyny kemeltjekdigini we täze işgär düzümini jemlemekde howlukmakçy däldigini mälim edipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň