Soňky habarlar

Arhiw

«Aşgabat. Dizaýn. Moda — 2022» atly türkmen lybaslarynyň görkezilişi boldy

09:3809.08.2022
0
2777

Aşgabat şäherini ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna «Dizaýn» ugry boýunça girizmek babatda alnyp barylýan işleriň çäklerinde «Gül Zaman» medeni dynç alyş merkezinde «Aşgabat. Dizaýn. Moda — 2022» atly milli we döwrebap lybaslaryň görkezilişi boldy.

Bu dabara Aşgabat şäher häkimligi we ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariaty tarapyndan «Aşgabat — dizaýn şäherim» taslamasy esasynda guraldy. «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri tarapyndan habar berlişi ýaly, bu ýerde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň we «Gül Zaman» modalar öýleriniň 2022-nji ýylyň ýaz-tomus möwsümleri üçin dizaýnerler tarapyndan taýýarlanylan milli we döwrebap lybaslaryň taslamalary, Aşgabat şäherindäki modalar öýüniň dürli görnüşli dabaralar üçin zenanlara, çagalara niýetlenen lybaslarynyň uly toplumy görkezildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň