Soňky habarlar

Arhiw

«Aziýanyň çagalary» tamamlandy

17:0008.08.2022
0
3598
«Aziýanyň çagalary» tamamlandy

Wladiwostok şäherinde «Aziýanyň çagalary» atly VII halkara sport oýunlarynyň ýapylyş dabarasy boldy. 11 gün mundan ozal açylan Oýunlar «Fetisow Arena» sport toplumynda geçirilen dabara bilen ýapyldy.

Oýunlarda 13 döwletden 1355 türgen sportuň 19 görnüşi boýunça güýç synanyşdy. Toparlaýyn hasapda Russiýanyň Sibir federal okrugynyň topary birinji orny eýeledi.

Türkmenistanly türgenler Oýunlarda altyn medallaryň ikisini, kümüş medallaryň üçüsini we 11 sany bürünç medal gazanyp, umumytoparlaýyn hasapda 10-njy orny eýelediler. Türkmenistan bu Oýunlara 2008-nji ýyldan bäri dördünji gezek gatnaşýar.

Indiki oýunlary 2024-nji ýylda Ýakutiýada geçirmek meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň