Rowaýaty boksçy Maýk Taýson «Hulu» striming ulgamyny öz terjimehalyny täze surata düşürilen «Maýk» atly serial üçin ogurlamakda aýyplady. Bu barada ol özüniň sosial ulgamdaky sahypasynda ýazdy diýip, «Gazeta.ru» habar berýär. Boksçy özüniň terjimehalyny ulanandygy üçin ulgamyň hiç hili tölemändiginden nägilelik bildirdi.
«Özüňizi Hulunyň aldamagyna ýol bermäň. Men olaryň öz durmuşym barada gürrüň bermegini goldamaýaryn. Hulu — bu gul eýesiniň striming nusgasydyr. Olar men taryhymy ogurladylar we tölemediler» diýip, Taýson nägileligini bildirdi.
«Maýk» atly täze serial 25-nji awgustda «Hulu» internet platformasynda görkezilip başlanar.