Top.Mail.Ru

«Acer», «Asus», «Lenovo» we «MSI» kompaniýalaryna gadaganlyk howp salýar

15:1408.08.2022
0
1084
«Acer», «Asus», «Lenovo» we «MSI» kompaniýalaryna gadaganlyk howp salýar
Surat: kp.ru

Amerikanyň «VideoLabs» kompaniýasy kompýuter we noutbuk öndüriji Aziýa kompaniýalarynyň birtoparyna patent almak düzgünbozmalary babatda aýyplama bildirdi we ABŞ-nyň Halkara söwdasy barada komissiýasyndan (ITC) olaryň önümleriniň ABŞ-nyň çägine getirilmegine gadaganlyk girizmegi talap edýär. Bu barada habar «С-News» saýtynda peýda boldy. Ady agzalan kompaniýa «Acer», «Asus», «MSI», «Lenovo» we «Motorola Mobility» brendlerine nägilelik bildirýär diýlip habarda bellenýär. Bu barada «Gazeta.ru» ýazýar.

«VideoLabs» kompaniýasynyň ýüztutmasynyň sebäbi aziýaly önüm öndürijiler tarapyndan amerikan kompaniýasyna degişli bolan grafiki prosessorlar üçin wideosignalyň işlenilmegi boýunça patentiň düzgünleriniň bozulmagyna degişli bolup durýar. «VideoLabs» bu boýunça şikaýatyny ITC-e 2022-nji ýylyň 1-nji iýulynda ýollapdyr. Aradan bir aý geçensoň, edaranyň saýtynda bu şikaýat bilen bagly derňew işleriniň başlanandygy habar berildi.

«VideoLabs» 2018-nji ýylda esaslandyryldy. Ol döredileninden bäri ýeke önümem öndürmedi, emma IT-läheňleriň intellektual emläk boýunça obýektlerini işjeň satyn alýar we olary ulanmak hukugyny beýleki guramalara satýar ýa-da patentler bozulan halatynda öweztölegini almak maksady bilen, kazyýet seljerişliklerini gozgaýar.

Öň bu kompaniýa «Amazon», «Dell», «Netflix» ýaly meşhur tehnologik läheňlere hem şeýle mazmunda nägilelik bildiripdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň