Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly türgenler Pariždäki Paralimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görýärler

15:3808.08.2022
0
5733

2024-nji ýylda Fransiýanyň Pariž şäherinde geçiriljek Paralimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görmek üçin Aşgabatda maýyplaryň arasynda para pauerlifting boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Bu barada «Türkmen Sporty» elektron gazetinde habar berilýär.

Bu ýaryş Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi hem-de Türkmenistanyň Milli paralimpiýa komiteti tarapyndan bilelikde gurnaldy.

Çempionatyň netijeleri esasynda 2022-nji ýylda para pauerlifting boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysyna dalaşgär iň güýçli türgenler saýlanyp alyndy. Olar şu ýyl Tbiliside geçiriljek para pauerlifting boýunça Ýewropanyň açyk çempionatyna gatnaşarlar. Ýeri gelende bellesek, Gruziýada geçiriljek şol çempionat Paralimpiýa oýunlaryna saýlamanyň 2-nji tapgyryndan orun alan bäsleşik bolup durýar.

Türkmenistanyň MPK-niň Baş sekretary Ýusup Japarowyň aýtmagyna görä, 2024-njy ýyldaky Paralimpiýa oýunlaryna gatnaşmak hukugyny almak üçin esasy dalaşgärler halkara derejesindäki Türkmenistanyň sport ussatlary, halkara ýaryşlarynyň birnäçe gezek ýeňijileri bolan, Türkmenistanyň Milli paralimpiýa komitetiniň Maýyplar üçin sport merkezine wekilçilik edýän Sergeý Meladze hem-de Maýagözel Ekäýewa hasaplanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň