«Stella» Türkmenistanda MDF we PWH bezeg panelleriniň hem-de tagtalarynyň dürli görnüşlerini hödürleýär

12:3506.08.2022
0
14375

Şu gün Türkmenistanyň paýtagtynda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energiýasy – 2022» atly halkara sergi öz işine başlady.

Bu sergä gatnaşyjylaryň biri hem diwar we potolok panellerini, plintuslary, radiatorlar üçin ekranlary we beýeki MDF hem-de PWH önümlerini öndürýän Russiýanyň «Stella» zawodynyň resmi distribýutory telekeçi Umida Kadyrowadyr.

«Stella» haryt nyşany plastik we gaýtadan işlenen agaç önümlerinden taýýar materiallary öndürmekde Russiýanyň öňdebaryjylarynyň biri hasaplanýar. «Stellanyň» önümleriniň hatarynda diňe bir diwar we potolok panelleri hem-de plintuslar däl, eýsem, içki bezeg üçin MDF tagtalary (reýkalary), 3D panelleri, deşilen bezeg panelleri, diwar burçluklary, laminirlenen PWH panelleri hem bardyr. «Stellanyň» önümleri bezeg we izolýasiýa hyzmatyny ýerine ýetirýärler, goşmaça diwarlary we aralyk bölekleri döretmek bilen, giňişligi döwrebaplaşdyrýarlar.

«Stellanyň» Türkmenistandaky resmi wekili sergidäki öz pawilýonyna kompaniýanyň önümleri bilen tanyşmaga çagyrýar.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

  • Aşgabat ş., «Ak Tam Bazary» terminal toplumy, «E» bina, 37-nji, 38-nji, 39-njy dükanlar. Aragatnaşyk üçin telefon belgileri: (+993 65) 68 62 18, (+993 65) 68 62 52.
  • Türkmenbaşy ş., 69-njy ýaşaýyş toplumy, Nurly market. Telefon belgisi: (+993 65) 17 26 00.
  • Sosial ulgamdaky sahypasy.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň