Soňky habarlar

Arhiw

Gündogar Ykdysady Forumyna 40 ýurt gatnaşar

16:4405.08.2022
0
1285

Öňde duran Gündogar Ykdysady Forumyna gatnaşmak üçin 40 döwletden bolan wekilçilikli topar isleg bildirdi. Bu barada forumyň guramaçylyk komitetiniň jogapkär kätibi Anton Kobýakow gürrüň berdi diýip, «Belta.by» ýazýar.

Kobýakow GYF-a gatnaşmaga isleg bildirýänleriň köp bolmagynyň sebäbini onuň Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde ykdysady gatnaşyklary ýola goýmakda täsirli işewürlik meýdançasyna öwrülendigi bilen baglady. Foruma daşary ýurt döwletleriniň Baştutanlarynyň we ýokary wezipeli adamlaryň gelmegine garaşylýar.

Kobýakow bu ýyl forumda Uzak Gündogary ösdürmegiň wajyp meselelerine bagyşlanan giň işewürlik maksatnamasynyň göz öňünde tutulýandygyny nygtady. Şeýle-de GYF-da halkara hyzmatdaşlygy, ykdysady kynçylyklardan çykmagyň maksatnamasy, dünýäniň täze arhitekturasyny gurmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Gündogar Ykdysady Forumy RF-niň Wladiwostok ülkesinde, Uzak Gündogar federal uniwersitetinde 5-8-nji sentýabrda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň