Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Russiýadan taýýar agaç önümlerini satyn alýar

15:2705.08.2022
0
5233
Türkmenistan Russiýadan taýýar agaç önümlerini satyn alýar

Türkmenistanly işewürler Ýekaterinburg şäheriniň «Stella Pro» kompaniýasyndan taýýar agaç önümlerini satyn almak barada şertnamalary baglaşdylar. Bu barada «Interfaks» habar berýär.

Kompaniýa agaçdan suratlaryň çarçuwasy, tekje, asgyç, aýakgap tekjesi ýaly taýýar önümleri öndürýär. Neşiriň ýazyşy ýaly, bu önümlere türkmenistanly işewürlerden başga-da Ermenistanyň, Gazagystanyň we Belarusyň wekilleri uly isleg bildirdiler.

Umumy girdejisi 2021-nji ýyldakydan 1,5 milliard rubl köpelen kompaniýanyň girdejisiniň ýylyň ahyryna çenli ýene iki esse artmagyna garaşylýar. Çünki häzirki wagtda önümleriň 15 göterimi eksporta gidýän bolsa, ýylyň ahyryna çenli bu mukdar has artar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň