Ispaniýanyň Barselona şäheriniň merkezinde «Derweze» ady bilen restoran döredildi. Ol Barselona şäheriniň Malýorka köçesiniň 209-njy jaýynda ýerleşýär. Restoranyň beýle atlandyrylmagy Türkmenistandaky gaz krateri bilen baglanyşyklydyr. Bu barada Orient habar berýär.
Restoranda otda bişen towuk eti, etden we balykdan taýýarlanylýan tagamlaryň dürli görnüşi müşderilere hödürlenilýär.
Ýeri gelende bellesek, jahankeşdeleriň ünsüni özüne çekýän Derwezedäki gaz krateri il arasynda «Garagum ýalkymy» ady bilen belli bolup, ol Garagum sährasynyň merkezinde, Aşgabat şäheriniň 260 kilometr demirgazygynda ýerleşýär.