Top.Mail.Ru

Azerbaýjanyň daşary işler ministri türkmen ilçisini kabul etdi

21:4004.08.2022
0
5886
Azerbaýjanyň daşary işler ministri türkmen ilçisini kabul etdi
Surat: Trend

Şu gün Baku şäherinde Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow Türkmenistanyň bu ýurtda täze bellenilen ilçisi Gurbanmämet Elýasowy kabul etdi. Türkmen ilçisi ministr J.Baýramowa ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy. Bu barada Trend habarlar agentligi habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda ministr ilçini täze wezipä bellenmegi bilen gutlady. Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly we doganlyk gatnaşyklaryň ösüşiň täze basgançagyna ýetendigini, şeýle hem soňky ýyllarda iki ýurduň arasynda geçirilen ýokary derejeli saparlaryň, gepleşiklere we hukuk resminamalaryna gol çekilmeginiň ähmiýetine ünsi çekdi. Hazar deňziniň kanuny ýagdaýy baradaky Konwensiýanyň ähmiýetini nygtady.

Ilçi G.Elýasow Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan tüýs ýürekden salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Ol söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna ýokary baha berdi. Özara gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary we bar bolan mümkinçilikler dogrusynda belläp geçdi. Taryhy we medeni taýdan ýakyn bolan iki halkyň arasyndaky ýola goýlan gatnaşyklara kanagatlanma bildirdi. Şeýle-de syýasy, söwda-ykdysady we üstaşyr-ulag ulgamynda ýola goýlan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin baý mümkinçiligiň bardygyny belläp, muny durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary etjekdigini aýtdy.

Duşuşykda iki döwletiň sebit we halkara guramalarynyň çäklerindäki gatnaşyklary boýunça hem pikir alşyldy.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň iýul aýynda gol çeken degişli Permana laýyklykda, Gurbanmämet Elýasow Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky (Baku şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi. Şeýle-de döwlet Baştutanynyň gol çeken Permanyna laýyklykda, Gurbanmämet Elýasow Türkmenistanyň Ýaponiýadaky (Tokio şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hem-de Türkmenistanyň Filippinler Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden boşadyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň