Soňky habarlar

Arhiw

5,4 million dollarlyk Garlyk kaliý hloridi satyn alyndy

14:3804.08.2022
0
1903

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 14,8 million dollar bolan 13 geleşik baglaşyldy.

Singapuryň wekili Lebap welaýatyndaky Garlyk dag-magdan zawodynda öndürilen («ownuk» görnüşli) birinji derejeli ownuk däneli kaliý hloridini almak üçin geleşik baglaşdy diýip, biržanyň resmi saýtynda habar berildi.

Jemi 10 müň tonna kaliý Türkmenistandan eksport ediler, onuň bir tonnasynyň bahasy 544,50 dollar diýlip kesgitlenildi. Geleşigiň umumy bahasy 5,4 million dollar diýlip bahalandyryldy.

Türkiýeden we Owganystandan gelen işewürler söwdalarda jemi 10 müň tonna A-95 görnüşli awtobenzini satyn aldylar, onuň bir tonnasynyň bahasy 936,75 dollara barabar boldy. Nebit önümleri üçin geleşikleriň umumy bahasy 9,3 million dollara deň boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň