Dünýädäki alajagaplaňlaryň ýüze golaýy Türkmenistanda ýaşaýar

12:4304.08.2022
0
2038

Alajagaplaňlar Ýer ýüzündäki pişikler maşgalasynyň iň seýrek görnüşleriniň biridir. Ol Günorta-Günbatar Aziýada köp duş gelýär. Häzirki wagtda alajagaplaňlaryň müňe golaýy bolup, olaryň ýüze golaýy Türkmenistanda ýaşaýar.

1990-njy ýyllaryň başlaryna çenli ýurtda bu haýwanlaryň sany örän azaldy. Olara hatda doly ýitip gitmek howpy hem abandy. Olary goramak boýunça wagtynda geçirilen çäreler alajagaplaňlary halas etdi, indi bolsa olaryň sany ýene artýar.

Russiýada hem alajagaplaňlaryň sanyny artdyrmak meýilleşdirilýär. Ozal habar berşimiz ýaly, iýul aýynda Russiýanyň tebigy serişdeler we ekologiýa ministri Aleksandr Kozlow Prezident Wladimir Putina Primorskiý ülkesiniň Lazowskiý goraghanasynda Uzak Gündogar alajagaplaňynyň we gar barsynyň Merkeziniň gurluşygynyň işjeň alnyp barylýandygyny, şonuň bilen baglylykda, Türkmenistandan we Eýrandan alajagaplaňlary getirtmek barada ylalaşmak hakynda haýyş bilen ýüz tutdy.

Häzirki wagtda Türkmenistanda alajagaplaryňlary sany yzygiderli artdyrylýar, olaryň birnäçesi haýwanat bagynda hem saklanýar. Bu ýerde olar gije-gündiz alada bilen gurşalýar. Janly tebigatyň milli muzeýiniň weterinar lukmany Wepa Ýunusowyň bellemegine görä, häzirki wagtda haýwanat bagynda dört sany alajagaplaň bar. Olaryň iň ulusy 13, iň kiçisi bolsa 4 ýaşynda. Olaryň hersiniň özboluşly häsiýeti bar. Emma olaryň ählisi-de et iýmegi gowy görýärler. Olar günde iki gezek iýmitlendirilýär. Bathyz döwlet tebigy goraghanasynyň ylym bölüminiň başlygy Nurmuhammet Hudaýgulyýewiň gürrüň bermegine görä, goraghananyň çäginde fotoduzaklary ýerleşdirmek bilen, alajagaplaňlaryň ýaşaýan ýerlerini we hereket edýän ugurlaryny kesgitlenildi. Şonuň esasynda hem olaryň awlaýan ýabany haýwanlarynyň sanyny köpeltmek boýunça işleri geçirildi. Bu barada «MIR 24» habar berýär.

Alajagaplaň Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen ýyrtyjy haýwandyr. Ol Uly we Kiçi Balkan daglarynda, Köpetdagda, Bathyzda, Köýtendagda we Etrekde köp duş gelýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň