Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda «mawy ýangyjyň» täze ýatagy açyldy

12:3928.07.2022
0
1528

Türkmenistanda 2330 metr çuňlukdaky ýene bir ýerasty ýatakdan gaz alnyp başlandy. Bu ýatak Mary welaýatynyň gündogarynda üsti açylan «Şerepli» gaz ýatagydyr.

«Turkmenmetbugat» saýtynda ýazylyşy ýaly, täze ýatakdan alnan «mawy ýangyç» möhüm aýratynlyklara eýe. Onuň düzüminde kükürt-wodorod ýok, ýangyç örän arassa.

Täze gaz ýatagy özüniň ägirt uly geljegi bilen tapawutlanýar. Bu gaz ýatagynda ilkinji ulanyş-baha beriş guýusy «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçy hünärmenleri tarapyndan ýerine ýetirildi. Müdirligiň hünärmenleri ilkinji gaz burawlaýjy guýyny 6 aýyň dowamynda ulanmaga berdiler. Guýynyň taslama çuňlugy ilkibaşda, takmynan, 2600 metre barabar hasap edilse-de, burawlaýjylar 2330 metr çuňlukdan tebigy gaz almagy başardylar.

Täze gaz guýusy bir gije-gündiziň dowamynda 695 müň kub metr tebigy gaz berýär. Ýakyn wagtda burawlaýjylar gaz ýatagynda ikinji gaz guýusyny gurup başlamagy maksat edinýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň