Soňky habarlar

Arhiw

Britan gazetleri sahypalaryny kemeldýär

12:4827.07.2022
0
3647
Britan gazetleri sahypalaryny kemeldýär
Surat: angliya.com

Beýik Britaniýadaky gazetleriň birgideni kagyzyň bahasynyň gymmatlamagy bilen baglylykda çykdajylary azaltmak üçin sahypa sanyny azaltmak kararyna geldiler. Bu barada «Mirror» we «Express» gündelik gazetleriniň eýesi bolan «Reach» neşir öýüniň hasabatynda aýdylýar.

Ýagny gazet kagyzyna bahalaryň rekord derejede gymmatlamagy olaryň oflaýn-nusgalarynyň sahypasyny azaltmaga mejbur etdi. Ikinji çärýekde ady tutulan neşirler 6 göterim sahypasyny kemeltdi.

Hasabatda Ýewropada üstümizdäki ýylyň aprelinde gazet kagyzyna nyrhlaryň iň ýokary derejä ýetendigi aýdylýar, muňa pandemiýanyň islege we teklibe, logistika, hümmetsizlenmä täsiri, şeýle-de energiýa serişdeleriniň nyrhynyň gymmatlamagy sebäp boldy. Bu barada «MIR 24» habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň