Türkmenistanyň wekiliýeti «Aziýanyň çagalaryna» gatnaşmak üçin Russiýa ugrady

23:5726.07.2022
0
7262

Şu gün Aşgabadyň halkara howa menzilinden ýörite topar Moskwa şäheriniň üsti bilen «Aziýanyň çagalary» atly VII Halkara sport oýunlaryna gatnaşmaga gitdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Wladiwostok şäherinde geçiriljek Oýunlara 27-nji iýulda badalga berler. Şu ýyl bu Oýunlara 12 döwletden çagalaryň 1355-si gatnaşýar. Ýaryşlar «Olimpiýa» sport toplumy, «Ýaşlyk» sport köşgi we Wladiwostogyň merkezi meýdançasy ýaly 10 binada geçiriler. Oýunlaryň açylyş we ýapylyş dabaralary bolsa «Fetis Arena» konsert-sport toplumynda geçiriler.

Türkmenistanyň wekiliýetinde 85 adam bar, şolaryň 62-si türgenlerdir, galan 16 adam bolsa tälimçiler düzüminden ybarat. Şeýle hem wekilçilikli toparda basketbol boýunça bir emin we resmi adamlar bar.

Iki hepdeläp dowam etjek Oýunlarda sportuň 19 görnüşi boýunça medallaryň 109 toplumy üçin ýaryşlar guralar. Şeýle hem Oýunlaryň dowamynda döredijilik festiwaly we medeni maksatnama meýilleşdirilýär.

Oýunlarda türkmenistanly çagalara sportuň 9 görnüşi boýunça janköýerlik edip bileris. Olar 3x3 basketbol, boks, kuraş, ýeňil atletika, stoluň üstünde oýnalýan tennis, suwda ýüzmek, sambo, sport göreşi (grek-rim we erkin göreş) hem-de nyşana ok atmakdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň