Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly agyr atletikaçylar Aziýanyň çempionatyny 20 medal bilen tamamladylar

13:4526.07.2022
0
6030

Türkmenistanly agyr atletikaçylar Özbegistanyň Daşkent şäherinde ýetginjekleriň (17 ýaşa çenli) we ýaşlaryň (20 ýaşa çenli) arasynda geçirilen Aziýanyň çempionatynda jemi 20 medala mynasyp boldular.

Bu gazanylan üstünlige Aşgabat şäherindäki 104-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Medine Amanowa bäş medal bilen goşant goşdy. Ol gyzlaryň arasynda 64 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşdy. Hem ýetginjekleriň, hem ýaşlaryň arasynda ýaryşan ezber agyr atletikaçy ýetginjekleriň arasynda güýç synanyşan dört türgeniň biri boldy. Ol ştangany silterläp götermekde 85, itekläp galdyrmakda 104, iki görnüşiň jemi boýunça 189 kilogram agyrlygy eýgerip, üç görkeziji babatynda hem altyn medala mynasyp boldy.

Medinäniň bu görkezijileri oňa ýaşlaryň arasyndaky ýaryşda hem iki medaly bagyşlady. Jemi 9 türgeniň arasynda silterlemekde bäşinji orny eýelän hem bolsa, ol itekläp götermekde we iki görnüşiň jeminde bürünç medallary eýeläp, jemi alnan 20 medalyň dört birini öz adyna ýazdyrmagy başardy.

Aşgabat şäherindäki 20-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Saparly Muhyýew ýetginjekleriň arasynda ýaryşdy. 89 kilograma çenli agram derejesinde 6 türgeniň ýaryşyna goşulan türkmenistanly agyr atletikaçy alty synanyşygynyň bäşisini üstünlikli amala aşyryp, altyn medallaryň üçüsini gazandy. Has takygy, ol ştangany silterläp galdyrmakda 135, iteklemekde 165 kilogram agyrlygy eýgerip, iki görnüşiň jemi boýunça umumy netijesini 300 kilograma tegeledi. Görkezijileriň üçüsi hem şu agram derejesinde iň ýokary netijedir.

Ýygyndymyzyň ýene üç medalyny Surajbek Sapaýew gazandy. Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň 2-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy ýetginjekleriň arasynda 96 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşdy. Ol bu agram derejesinde güýç synanyşan bäş agyr atletikaçynyň biri boldy. Alty synanyşygynyň üçüsini üstünlikli amala aşyran ezber türgen ştangany silterläp götermekde 135 kilogramlyk agyrlyga ýetip, bu görnüşde bürünç, iteklemekde 159 kilogram agyrlygy eýgerip kümüş, iki görnüşiň jeminde hem (294 kilogram) kümüş medaly gazandy.

Anamjan Rüstemowa bolsa birbada iki ýaş derejesinde (hem ýetginjekler, hem ýaşlar) Aziýanyň wise-çempiony bolmagy başardy. Aşgabatdaky «Olimp» sport mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy 81 kilograma çenli agram derejesinde çykyş etdi. Ol öz agramynda ýaryşyň iň kiçi ýaş derejesinde üç döwlete wekilçilik eden dört türgeniň biri boldy. Ýaşlaryň ýaryşyna bolsa üç türgen gatnaşdy.

Ýaryşda alty medala eýe bolan Anamjan ýetginjekleriň ýaryşynda üç sany kümüş, ýaşlaryň arasyndaky ýaryşda bolsa iki kümüş we bir bürünç medal gazandy. Has takygy, geljegine uly ynam bildirilýän agyr atletikaçy gyz iki görnüşiň jemi boýunça 201 kilogramlyk sepgide ýetdi. Şunda onuň silterlemekde 88, itekläp galdyrmakda bolsa 113 kilogram agyrlygy eýgerendigini habar berýäris.

Ýetginjekler we ýaşlar ýygyndymyzyň ýene iki medalyny Gülälek Kakamyradowa gazandy. Ol ýetginjekleriň arasynda 59 kilograma çenli agram derejesinde bäş türgeniň arasynda ýaryşyp, silterläp götermekde (77 kilogram) dördünji orna, iteklemekde (93 kilogram) we iki görnüşiň jeminde (170 kilogram) bürünç medallara mynasyp boldy.

Aziýanyň çempionatynda «Olimp» sport mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Perhat Bagtyýarow medal gaznamyza kiçi bürünç medaly goşdy. Ýetginjekleriň arasynda 55 kilograma çenli agram derejesinde 9 döwletden gelen 11 türgeniň arasynda ýaryşan türkmenistanly agyr atletikaçy alty synanyşygynyň bäşisini üstünlikli amala aşyryp, ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň rekordlarynyň ikisini täzeledi. Ştangany itekläp götermekde bolsa (127 kilogram) ýaryşyň kiçi bürünç medalyna mynasyp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň