Türkmenistanly mirasgär näbelli haýwanyň aşygyny görkezdi

19:4425.07.2022
0
12734
Türkmenistanly mirasgär näbelli haýwanyň aşygyny görkezdi
Surat: Jeyhun.news

Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň ýaşaýjysy, mirasgär Batyr Abdyllaýew şahsy ýygyndysyndan näbelli haýwanyň (dinozawryňky bolmagy mümkin) äpet aşygyny görkezdi.

Ony geçen asyryň ellinji ýyllarynda sürüji bolup işlän, uruş we zähmet weterany, dänewli sürüji Sultan Seýitmyardow Köýtendagdan tapan eken. Mälim bolşy ýaly, bu ýerde millionlarça ýyl ozal dinozawrlar ýaşap geçipdir. Bu ýerdäki eňňitleriň käbirlerinde olaryň yzlary şu günlere çenli saklanyp galypdyr. Batyr Abdyllaýewiň täsin zatlary ýygnaýandygyny eşiden weteran bu süňki oňa sowgat beripdir. Mirasgär ony gözüniň göreji ýaly gorap saklaýar diýip, Jeyhun.news habar berýär.

Ol ony öýünde özüniň eksponatlarynyň sergisini guranda çykardy. Sergä birnäçe etraplardan gelen dürli ýaşly adamlar gatnaşdylar. Olar durmuşda ulanylan zatlar, zähmet gurallary we beýleki zatlar bilen tanyşdylar. Olaryň bir bölegini Batyryň özi ýygnapdyr, käbirlerini bolsa oňa sowgat beripdirler.

Batyr Abdyllaýew pyýada we welosipedli syýahat edýän syýahatçy hökmünde meşhurlyga eýedir. Ol hemmesini jemläniňde, on müň kilometr töweregi aralygy pyýadalap geçipdir. Ol syýahat döwründe täsin zatlary toplady we tebigatyň gözel ýerlerini hem-de ýadygärlikleri surata düşürdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň