Türkmenistan we Norwegiýa nebitgaz ulgamyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

17:0808.04.2015
0
3092

Iş sapary bilen Türkmenistana gelen Norwegiýanyň Gazagystandaky ilçisi Ole Ýohan Bernoýem ýurduň Daşary işler ministrliginde geçirilen gepleşikleriň barşynda syýasy, söwda-ykdysady energetika, medeni-gumanitar, şeýle hem ulag-aragatnaşyk, maýa goýumlary, bilim we sport ulgamlaryndaky gatnaşyklara degişli meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna gatnaşdy.

 Duşuşyga gatnaşyjylar deňizde we barmasy kyn ýerlerde tebigy gaz çykarmakda häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak babatda Norwegiýanyň tejribesini öwrenmek meselesine aýratyn üns berdiler we bu ugurda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň