BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterreşiň başlangyjyna esasynda, BMG-niň Adam hukuklary boýunça Sebitleýin edarasynyň ýardam bermeginde Aşgabatdaky BMG-niň wekilhanasynda «Ýokary isleg: adam hukuklary ugrundaky herekete çagyryş» ady bilen tegelek stoluň başynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşyga BMG-niň ýurtdaky milli hyzmatdaşlary, şol sanda adam hukuklary boýunça guramalary, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Bilim ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar. Çärä hukukçylar, akademiýanyň we raýat jemgyýetiniň guramalarynyň wekilleri hem çagyryldy.
Duşuşyga gatnaşyjylar ýurduň jemgyýetçilik ösüşi babatda döwlet edaralary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meseleleri barada pikir alyşdylar.
Çeşmäniň habaryna görä, Antonio Guterreş tarapyndan adam hukuklary ugrundaky herekete çagyryş, häzirki zaman adam hukuklary meselelerine jogap hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň 75 ýyllygynyň öňüsyrasynda öňe sürüldi.