Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedowyň Gyrgyzystana sapary, BAE-niň ilçihanasy arap dili boýunça mugt okuw sapaklaryny guraýar, Türkmenistanda +48° çenli yssy howa garaşylýar

10:5922.07.2022
0
51273
Serdar Berdimuhamedowyň Gyrgyzystana sapary, BAE-niň ilçihanasy arap dili boýunça mugt okuw sapaklaryny guraýar, Türkmenistanda +48° çenli yssy howa garaşylýar

1. BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasy arap dilini öwrenmek isleýänler üçin başlangyç dereje boýunça mugt okuw sapaklaryny guraýar. Sapaklar 2022-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap, üç aýyň dowamynda hepdede iki gezek – duşenbe we penşenbe günleri sagat 17:00-dan 19:00-a çenli geçiriler.

2. Üstümizdäki hepdede Türkmenistanyň gündogarynda we günorta-gündogarynda +45°…+48° çenli yssy howanyň bolmagyna garaşylýar. Howanyň gyzmagyna basyşyň peselmegi sebäp bolýar.

3. 2022-nji ýylyň birinji ýarymýyllygynda Türkmenistan Hytaý Halk Respublikasyna 4,1 mlrd amerikan dollary möçberinde tebigy gaz iberdi. Türkmenistan bu görkeziji boýunça Russiýadan, Gazagystandan we Özbegistandan öňe geçdi.

4. Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gyrgyzystanyň Çolpon Ata şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy.

5. Şri-Lankanyň täze Prezidenti Ranil Wikramasinghe kasam kabul etdi we resmi taýdan ada döwletiniň Baştutany boldy. Wezipä girişmek dabarasy Kolomboda ýerleşýän ýurduň parlament binasynda geçirildi. Ranil Wikramasinghe döwlet baştutany wezipesine parlament saýlawlarynyň netijesinde saýlanyldy. Oňa parlamentariýleriň 134-si ses berdi. Ses berlişige 225 deputatdan 223-si gatnaşdy.

6. Hytaýyň Lýanýuangan şäheriniň etraplarynyň golaýyndan tüweleý geçdi. Onuň tizligi sagatda 220 kilometre ýetdi. Harasatyň netijesinde 649 sany ýaşaýyş jaýyna zeper ýetdi. Tebigy betbagtçylyk zerarly takmynan 2,2 müň adam bellibir derejede ýitgi çekdi.

7. Merkezi Aziýanyň futbol Assosiasiýasynyň ýolbaşçylar düzümi zenanlaryň arasynda CAFA-2022 çempionatynyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysyny «Special Award» ýörite baýragy bilen sylaglady. Baýragy Türkmenistanyň milli zenanlar ýygyndysynyň kapitany Mariýa Çaryýewa Täjigistanyň Futbol Fedrasiýasynyň baş sekretary Furkat Ahmedjanow gowşurdy.

8. Türkmenistanyň futzal boýunça Superligasynda geçen 10 tapgyryň netijeleri boýunça iki topar birinjiligi eýeläp gelýär. Sanawda 24 utuk bilen «Deňizçi» we «Köpetdag» öňdeligi paýlaşýarlar. Şeýle ýagdaý bäsleşigiň Maryda geçirilen tapgyrynyň jemleýji aýlaw duşuşyklarynda Türkmenistanyň iki gezek çempiony «Deňizçiniň» «Gümrükçi» bilen 2:2 hasabynda deňme-deň oýnamgy, «Köpetdagyň» bolsa «Daşoguzdan» 7:1 hasabynda üstün çykmagy netijesinde emele geldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň