Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýer A.Ýazmyradowyň we häkimleriň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi

22:1218.07.2022
0
5958
Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýer A.Ýazmyradowyň we häkimleriň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Iş maslahatynda welaýatlaryň häkimleri sebitlerde alnyp barylýan işler, ýygnalan däne hasylynyň kabul ediş nokatlaryna, elewatorlara we ammarlara bökdençsiz daşalmagynyň üpjün edilişi, bugdaýdan boşan ýerlerde sürüm işleriniň geçirilişi, gowaça ideg edilişi, gowaça meýdanlarynda dürli zyýankeşlere we kesellere garşy göreş çäreleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabatlary berdiler. Hasabatlarda häzirki wagtda ýeralmanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasylynyň ýygnalyşy barada hem aýdyldy. Suw-üpjünçilik meseleleri, şeýle-de sebitlerde şu ýyl ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalarda gurluşyk işleriniň barşy barada hem hasabat berildi.

Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmegiň meseleleriniň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny aýtdy. Ýygnalan bugdaý hasylynyň ammarlara, elewatorlara bökdençsiz daşalmagynyň hem-de talabalaýyk saklanmagynyň şu günüň möhüm wezipesidigini belläp, häkimlere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi işleriniň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň, ösüş suwunyň tutulmagynyň, ekiniň mineral dökünler bilen iýmitlendirilmeginiň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyna üns çekildi. Gowaça meýdanlarynda zyýankeşlere we kesellere garşy göreş çäreleriniň geçirilmegine, oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde peýdalanylmagyna aýratyn üns berilmelidigi nygtaldy. Ýetişdirilen ýeralmany, beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasylyny ýitgisiz ýygnap almak iş maslahatynda möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Döwlet Baştutany welaýatlarda bar bolan suw-üpjünçilik desgalarynyň talabalaýyk ýagdaýda işledilmeginiň wajypdygyna üns çekip, şol desgalar boýunça degişli seljermeleri geçirmegi tabşyrdy. Dürli desgalarda gurluşyk işleriniň öz wagtynda we ýokary hilli tamamlanmagynyň, okuw ýylynyň başyna çenli ähli bilim edaralarynda abatlaýyş işleriniň geçirilmeginiň berk gözegçilikde saklanmalydygyna üns çekildi.

Iş maslahatynda wise-premýer A.Ýazmyradow gözegçilik edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy, obasenagat toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Hasabatda ýygnalan galla hasylyny ammarlara we elewatorlara bökdençsiz daşamak, geljek ýylyň hasyly üçin tohumlyk bugdaýy taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler, gowaça meýdanlarynda ideg işleri, bugdaýdan boşan ýerlerde geçirilýän sürüm we tekizleme işleri, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň şaly meýdanlarynda, Mary we Balkan welaýatlarynyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda geçirilýän ideg işleri barada hem aýdyldy. Wise-premýer döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hem hasabat berdi. Amyderýada gorag gaçylaryny dikeltmek we berkitmek hem-de Garagum derýasynyň, beýleki suw akabalarynyň hanalaryny arassalamak, goşmaça suw gorlaryny döretmek üçin suw howdanlarynyň göwrümlerini giňeltmek boýunça geçirilýän degişli işler barada-da aýdyldy.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, obasenagat toplumynyň öňünde durýan ilkinji nobatdaky meselelere ünsi çekdi hem-de olar bilen bagly anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Iş maslahatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda çykaran Karary bilen tassyklanan Türkmenistanyň içerki sarp edijileri üçin 2022-nji ýylda nebit önümleriniň möçberlerine üýtgetmeleri we goşmaça girizmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararynyň taýýarlanan taslamasy barada hem hasabat berildi. Döwlet Baştutany iş maslahatynda bu Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýer böleklerini alan daýhan hojalyklaryny we önüm öndürijileri goşmaça goldamak göz öňünde tutulýar. Şol maksat bilen, olaryň tehnikalary üçin zerur bolan dizel ýangyjyny ýurduň içerki sarp edijileri üçin tassyklanan bahalar boýunça ýerlemek bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň