Soňky habarlar

Arhiw

«Brýugge» 17-nji gezek Belgiýanyň Superkubogyna mynasyp boldy

18:2618.07.2022
0
2253
«Brýugge» 17-nji gezek Belgiýanyň Superkubogyna mynasyp boldy

17-nji iýulda Belgiýanyň Superkubogynyň bu ýylky eýesi mälim boldy. Ýurduň çempiony «Brýugge» bilen Kubogyň eýesi «Gentiň» arasynda geçen gapma-garşylyk 1-0 hasabynda tamamlandy. Skow Olseniň 39-njy minutda derwezä ýollan dürs urgusy «Brýuggeni» 17-nji gezek Belgiýanyň Superkubogynyň eýesine öwürdi. Bu görkeziji ýurduň toparlarynyň arasynda rekord hasaplanýar. Bu ugurda ikinji ýerde 13 gezek ýurduň Superkubogyna «Anderleht» barýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň