Eriksen «Mançester Ýunaýtede» geçdi, «Zenit» Himkide asgyn geldi, Maýwezer boksa dolanmagy üçin gerek bolan puluň möçberini aýtdy: sport metbugatyna gysgaça syn

01:5116.07.2022
0
5988

«Brentfordyň» daniýaly ýarymgoragçysy Kristian Eriksen «Mançester Ýunaýtediň» düzümine geçdi. Bu barada «Çempionat» mankunianlylaryň metbugat gullugyna salgylanmak bilen habar berýär. Eriksen bilen şertnama 2025-nji ýylyň iýunyna çenli niýetlenendir.

Geçen möwsümde daniýaly futbolçy ýüregine kardiostimulýator ýerleşdirmek arkaly geçiren operasiýasyndan saglygyny dikeldýärdi. Kristian «Brentforda» Angliýanyň çempionatynyň diňe ikinji ýarymynda goşuldy. APL-de 11 duşuşykda ol bir gol geçirmegi we 4 sany netijeli pas bermegi başardy.

RPL-iň 1-nji tapgyrynda «Zenit» «Himki» bilen deňme-deň oýnady (1:1). 17-nji minutda Wendel hasaby açdy, 84-nji minutda Reziuan Mirzow hasaby deňledi. Sankt-Peterburgyň topary Russiýanyň çempionatynyň 1-nji tapgyrynda 2016/17-nji ýylyň möwsüminden bäri ilkinji gezek ýeňiş gazanyp bilmedi diýip, «sports.ru» habar berýär.

Tälimçi Sergý Semagyň şägirtleri 2016/17-nji ýylyň çempionatynyň açylyş duşuşygynda hem «Lokomotiw» bilen deňme-deň oýnap (0:0), utuklary paýlaşypdylar. Şeýlelikde, şol möwsümde «Spartak» çempion bolupdy (69 utuk), «Zenit» bolsa (61 utuk) üçünji orny eýeledi.

Bäş agram derejede çempionlyk gazanan Floýd Maýwezer-kiçi boksa gaýdyp gelmegi üçin gerek bolan tölegiň mukdaryny mälim etdi diýip, «sportbox.ru» «MMA News» ýaýlymyna salgylanmak bilen habar berýär.

«Bu ýyl men üç sany görkezme duşuşygyna çykaryn. Maňa tölemeklerini dowam etdirjekdilerini men bilýärin, emma professional derejedäki duşuşyk barada aýtsak, bu ýerde gürrüň 200 million dollar hakynda gidýär» diýip, boksçy belleýär. Maýwezeriň professional karýerasynda 50 duşuşyga çykyp, ellisindede ýeňiş gazanandygyny bellemek gerek.

Russiýaly Dmitriý Sotnikowyň ýolbaşçylygyndaky «KAMAZ-master» toparynyň düzümi ýük ulaglarynyň hatarynda «Ýüpek ýoly» ralli-reýdiniň dokuzynjy tapgyrynyň ýeňijisi boldy diýip, «РИА Новости» habar berýär.

Onuň wolgogradyň we Lipeskiň arasyndan geçýän 314,12 km uzaklykdaky ýörite zolakda görkezen netijesi 3 sagat 43 minut 36 sekunda deň boldy. Ikinji orny Sergeý Kupriýanowyň topary eýeledi (+14.06), üçünji orna bolsa Eduard Nikolaýew (+19.45) mynasyp boldy. Bu sürüjileriň ählisi-de «KAMAZ-masteriň» adyndan çykyş edýärler. «Ýüpek ýoly» rallisi 16-njy iýula çenli dowam eder, ýaryşyň pellehanasy Moskwanyň «Lužniki» stadionynda guralar.

Hokkeý boýunça Italiýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Ireg Aýrlend «Kunlunyň» baş tälimçiligine bellenildi diýip, «спорт-экспресс» habar berýär. 56 ýaşly hünärmen bilen şertnamanyň şertleri mälim edilmedi

Geçen möwsümde Aýrlend «Bolsanoda» zähmet çekdi, şeýle hem Italiýanyň milli ýygyndysyna 2021-nji we 2022-nji ýyllaryň dünýä çempionatlarynda ýolbaşçylyk etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň