Soňky habarlar

Arhiw

2025-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek sambo boýunça dünýä çempionatynyň guramaçylyk topary döredildi

22:1813.07.2022
0
5600

2025-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherjiginiň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda sambo boýunça dünýä çempionaty geçiriler. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 13-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde N.Amannepesow ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, döwlet Baştutanynyň garamagyna «Aşgabat şäherinde 2025-nji ýylda sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmek hakyndaky» Kararyň taslamasyny hödürledi.

Mejlisde hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Karara gol çekip, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Halkara Sambo federasiýasy bilen bilelikde 2025-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherjiginiň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmäge ygtyýar berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken resminamasyna laýyklykda, sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmek baradaky guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy; Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Halkara Sambo federasiýasy bilen ylalaşyp, sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmek hakyndaky Düzgünnamany işläp taýýarlamak we tassyklamak tabşyryldy; Bilim ministrligi, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi çempionata daşary ýurtly gatnaşyjylara dilmaçlyk hyzmatyny etmek üçin, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden talyplary meýletinçiler hökmünde çekmegi üpjün etmäge borçly edildi; Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherjiginiň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda we onuň beýleki sport maksatly desgalarynda sambo boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň türgenleriniň hem-de çempionata gatnaşjak daşary ýurt döwletleriniň türgenleriniň okuw türgenleşiklerini geçirmegi guramak tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň