Soňky habarlar

Arhiw

Russiýanyň DIM-i daşary ýurt raýatlarynyň ýurduň çägine girmek düzgünlerini mälim etdi

23:1210.07.2022
0
35734

Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrligi COVID-19 pandemiýasyna garşy çäklendirmeleriň ýatyrylmagyndan soň, daşary ýurtlular üçin ýurduň çägine girmegiň düzgünlerini kesgitledi diýip, RIA Nowosti habar berýär.

15-nji iýuldan başlap, daşary ýurtlularyň Russiýanyň çägine girmegi bilen bagly ýagdaý pandemiýadan ozalky tertibinde ýola goýlar. Ýöne häzirlikçe, daşary ýurtlaryň raýatlarynyň ýurda girmegi üçin adaty tertipde daşary ýurt pasportynyň, wizanyň we PCR barlag testiniň otrisatel netijesiniň bolmagy zerurdyr. Bu diňe howa gatnawy arkaly Russiýa barýan belarusly raýatlar üçin hökmany däldir. Ýurda giriş maksady ýa-da raýatyň haýsy ugur boýunça ýurda gelýändigi bilen bagly hiç hili çäklendirme ýokdur, şeýle-de barlag goýberiş nokatlarynda hem ýurduň çägine girmek bilen bagly ähli çäklendirmeler aýryldy.

Ozal hem habar berlişi ýaly, Russiýada ähli koronawirus çäklendirmeleri, şol sanda agyz-burun örtüklerini dakynmak düzgüni hem ýatyryldy.

Ýatlatsak, Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda yzygiderli howa gatnawlary 2022-nji ýylyň 1-nji iýunynda gaýtadan ýola goýuldy. Bu yzygiderli gatnawlar bolsa «Türkmenistan» awiakompaniýasy tarapyndan Aşgabat — Moskwa — Türkmenbaşy hem-de Aşgabat — Kazan — Türkmenabat gatnaw ugurlary boýunça hepdede iki gezek guralýar.

Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda wiza gatnaşygy 1999-njy ýyldan bäri hereket edýär. Wiza almak üçin arzalar Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasynyň Konsullyk bölümi tarapyndan Aşgabat hem-de Türkmenbaşy şäherlerinde kabul edilýär. Russiýa wiza resmileşdirmek üçin has giňişleýin maglumatlary RF-niň ilçihanasynyň resmi saýtyndan tapmak bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň