Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Işanguly Amanlyýewi diplomatik wezipelerinden boşatdy

13:4109.07.2022
0
11786
Türkmenistanyň Prezidenti Işanguly Amanlyýewi diplomatik wezipelerinden boşatdy
Surat: Anadolu Agency

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna laýyklykda, Işanguly Hojamuhammedowiç Amanlyýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky (Ankara şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Alžir Halk Demokratik Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Tunis Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Marroko Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden boşadyldy. Döwlet Baştutanynyň degişli Permany «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň