Soňky habarlar

Arhiw

Reýna 17 ýyldan soň höwürtgä dolandy

17:5708.07.2022
0
3464

Pepe Reýna karýerasynyň 17 ýylyny başga klublarda geçirensoň, ýene-de «Wilýarreala» gaýdyp geldi. Bu barada klubyň resmi saýty habar berdi.

39 ýaşly ispaniýaly derwezeçi «Wilýarreal» bilen bir ýyllyk şertnama baglaşdy. Tejribeli derwezeçiniň tanyşdyrylyş dabarasy 11-nji iýulda bolar. Reýna 2003-nji we 2004-nji ýyllarda «Wilýarrealyň» düzüminde Intertoto kubogyna mynasyp bolupdy.

«Wilýarrealdan» soň ol «Liwerpul», «Aston Willa», «Bawariýa», «Milan», «Napoli» we «Lasio» toparlarynyň derwezelerini gorady. Ol karýerasynda jemi 874 duşuşyga gatnaşdy.

Milli ýygyndyda 38 gezek derwezäni goramak ynanylan derwezeçi 2010-njy ýylda dünýäniň, 2008-nji we 2012-nji ýyllarda Ýewropanyň çempiony boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň